- gundag
- 1Üşemezlik üçin babek dolanylýan mata bölegi.∙ Ogluň Mammet gundagda, seniň etegiňde oturanok ahyry. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Orazy şol gün dagdaka görşüm, indi ondan bäri ençe ýyl geçipdir.21) Tüpeňiň nili, berkidilýan agaç.∙ Wüşi kel egnindäki tüpeňini ýokarrak galdyryp, gundagyna kakdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Al, haýyn, paýyn -- diýip seslendi, tüpeňiň döwlen gundagy zyňyldy. (B. Kerbabýew, Aýgytly ädim)2) Tamdyranyň gapak oturdylan bölegi, göwresi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.